Bitaraplyk parahatçylyga we ynanyşmaga çagyrýan ýörelgedir

Bitaraplyk döwlet syýasatynyň we halkara gatnaşyklarynyň aýratyn görnüşi bolup, Türkmenistanyň dünýä derejesinde tanalmagynda hem-de döwlet garaşsyzlygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýär. Bitaraplyk ýörelgesi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy sütünleriniň biri hökmünde dünýäniň döwletleri bilen özara hormat, hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, jedelleri diňe parahatçylykly ýol bilen çözmek ýaly ýörelgeleri berjaý etmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek — 1995-nji we 2015-nji ýyllarda ykrar edilip, bu hukuk derejesi halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa mynasyp boldy. Bu dereje ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen gatnaşyklarynyň durnuklylygyny, halkara sahnada parahatçylygy, hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy goldaýandygyny görkezýär.

Bitaraplyk syýasaty ykdysady ulgamda hem oňyn netijeler berýär. Türkmenistan halkara energetika, ulag-logistika, medeniýet, bilim we ylym ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeldýär, ýurdumyzyň iri sebit we yklym taslamalaryna gatnaşygy parahatçylykly diplomatiýanyň üstünlikleriniň aýdyň mysaly bolup durýar. Şeýlelikde, Bitaraplyk biziň halkymyzyň asuda we abadan durmuşa bolan isleginiň döwlet derejesindäki beýanydyr.

Her ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilýän Bitaraplyk baýramyna halkymyz bu ýyl hem uly taýýarlyk görýär. Bu gün ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik guramalary, ýokary  we orta hünär okuw jaýlary, medeniýet edaralary we ähli pudaklar bu şanly sene mynasybetli giň gerimli çäreleri guramak arkaly baýramçylyk şowhunyny döretmekde işjeň gatnaşýarlar. Halkymyzyň bu baýramçylyga giň möçberde taýýarlyk görýändigi degişli bezeg işlerinde, baýramçylyk dabaralarynda, sungat we döredijilik çykyşlarynda, wagyz-nesihat çärelerde we döwlet derejesindäki maslahatlarda aýdyň görünýär.

Bitaraplyk baýramy ýurdumyzyň ösüş ýolunyň, milli ýörelgelerimiziň we döwlet garaşsyzlygymyzyň berkidilmeginiň nyşany hökmünde halkymyzyň kalbynda aýratyn orun eýeleýär. Şeýlelikde, Bitaraplyk ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de döwletimiziň geljeginiň strategik ýol görkezijisi bolup dowam edýär.

Muhammetguly Annaýew,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok