28-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew söwda toplumy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 5-nji dekabryndan başlap ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerinde ýerleşýän söwda merkezlerinde, bazarlarda, dükanlarda baýramçylyk söwdalaryny amala aşyrmak, göçme söwda nokatlaryny gurnamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy bilen baglylykda, bazarlarda ilatyň dürli önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin degişli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Serdar Berdimuhamedow göçme söwda nokatlaryny gurnamagyň, bazarlary we dükanlary azyk, şol sanda gök-bakja, miwe önümleri bilen ýeterlik üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Teswirler