Sport diplomatiýasy — üstünlikeriň gözbaşy

Sport häzirki döwürde diňe bir bedenterbiýe ugruny aňlatman, eýsem döwletleriň arasyndaky gatnaşyklar ulgamynda möhüm ýyllara dayanan täsirli diplomatik gural hökmünde çykyş edýär. Halklaryň ýüreklerine gönükdirilen sport çäreleri halkara gatnaşyklaryň üýtgeýän döwründe parahatçylykly dialogy güýçlendirýän dürli mümkinçilikleri açýar. Şonuň üçin hem dünýäde “sport diplomatiýasy” adalgasy aýratyn orna eýe boldy.

Sport halkara gatnaşyklarda aýratyn orny eýeleýär, sebäbi ol her bir ýurduň medeniýetine, syýasy ulgamyna garamazdan halklary bir ýerde birleşdirip bilýän beýik gymmatlykdyr. Futbol, olimpiýa ýaryşlary, ylgaw estafetalary ýa-da dünýä çempionatlary dürli ýurtlardan gelen adamlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürýär. Şeýle çäreler halklaryň biri-birini gowy tanamagyna, medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine we abraýly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna şert döredýär.

BMG tarapyndan hem sportyň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde güýçli mümkinçiliklere eýedigi boýun alynýar. Sport jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar edýär, ýaşlary dostluga we medeni çemeleşmä ugrukdyrýar. Halklaryň arasynda agzybirligi, buýsanjy we ösüşe ymtylmagy berkitmekde sport diplomatiýasynyň ähmiýeti örän uludyr.

Türkmenistan hem sporty jemgyýetiň ruhy sagdynlygynyň hem-de döwlet syýasatynyň möhüm ugrunyň biri hökmünde ösdürýär. Ýurdumyzda sport jemgyýetçilik diplomatiýasynyň netijeli guralyna öwrülip, halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar. Aşgabatda geçirilen iri halkara ýaryşlar, şeýle hem halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzy sporty ösdürýän merkezleriň birine öwürdi.

Firýuza JUMAÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet
mugallymçylyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok