Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna dabaraly taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda aýratyn ähmiýetli waka bolup durýar. Bu baýramçylyk diňe bir taryhy senäniň ýurt derejesinde bellenmegi däl — eýsem, döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýynyň, parahatçylyk söýüjilik nusgasynyň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmagydyr. Häzirki döwürde ýurdumyzda bu möhüm senä ýokary derejede taýýarlyk işleri alnyp barylýar, onuň jemgyýetçilik ähmiýeti giňden açylyp görkezilýär.

Bitaraplyk — ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özeni, durnukly ösüşiň berk binýady. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini ykrar etmegi dünýä jemgyýetçiliginiň ýurdumyzyň parahatçylykly syýasatyna ýokary baha berendigini görkezdi. Şol wagtdan bäri Türkmenistan halkara gatnaşyklary parahatçylyk, hoşniýetlilik we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürip gelýär.

30 ýyllyk baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzda medeni çäreler, ylmy-amaly maslahatlar, halkara duşuşyklar, döredijilik we sport bäsleşikleri geçirilýär. Bu çäreleriň maksady Bitaraplygyň mazmunyny halk köpçüligine has açyk we düşünikli görnüşde ýetirmek, halkara abraýy pugtalandyrmakdyr. Döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary bu senäniň ähmiýetini aýdyňlaşdyrýan dürli taslamalary amala aşyrýarlar.

Baýramçylyk öňüsyrasynda halkymyzyň ruhy dünýäsi, milli bitewüligi we häzirki döwre bolan ynamy has-da artýar. Döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň merkezinde parahatçylyk, jebislik we hyzmatdaşlyk ýörelgeleri durýar. 30 ýyllyk şanly senäniň dabaralanmagy hem bu ýörelgeleriň jemgyýetde berkarar bolýandygyny görkezýär.

Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy — geçmişiň şöhratly ýoly bilen bilelikde geljege ynamly ädimdir. Bu baýramçylyk döwletimiziň halkara giňişligindäki ornunyň pugtalanýandygyny, Türkmenistanyň parahatçylyk, ösüş we ynsanperwerlik ýolunda berk öňe barýandygyny görkezýän ýurt derejesindäki möhüm waka hökmünde ähmiýetlidir.

Aýnäzik EZIZOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky

TDMI-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok