Er-Riýadda UNIDO-nyň Global senagat sammiti açyldy

2025-nji ýylyň 23-27-nji noýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüş Guramasynyň (UNIDO) 21-nji Baş konferensiýasyna Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

BMG-niň resmi habarlarynda aýdylmagyna görä, döwlet, hususy pudak we raýat jemgyýeti wekilleri senagat ösüşiniň dünýäde ýüze çykýan howanyň üýtgemegi, azyk howpsuzlygy we adalatly üpjünçilik zynjyrlaryny döretmek ýaly möhüm meseleleri çözmäge goşýan goşandy barada pikir alyşýarlar.

BMG-niň Baş Sekretary Antonio Guterreşiň sammite ugradan ýüzlenmesinde senagat ösüşiniň ykdysadyýeti pugtalandyrmakda, garyplygy azaltmakda, iş orunlaryny döretmekde we jemgyýetiň abadançylygyny ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti nygtaldy. Bu ýüzlenme BMG-niň Saud Arabystanyndaky wekili Mohammed El-Zarkani tarapyndan okaldy.

Hepdäniň dowamynda geçiriljek 21-nji Baş Konferensiýada UNIDO-nyň indiki iki ýylyň iş ugruny kesgitlejek möhüm kararlaryň kabul edilmegine garaşylýar. Bu resminamalar senagat pudagynyň has ýaşyl, durnukly we adalatly ösüşe goşjak goşandyny bellemäge mümkinçilik berer.

Maslahatyň dowamynda ýurtlaryň wekiliýetleri rezolýusiýa taslamalaryny seljererler, UNIDO-niň alyp barýan işleri boýunça hasabatlary diňlärler we täze başlangyçlary ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem Senagaty ösdürmek boýunça geňeşe we Maksatnama-býujet komitetine geçiriljek saýlawlar üçin taýýarlyk işleri başlandy.

Mähri NURLYÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok