Gahryman Arkadagymyz «Suw – ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda suwuň belent sarpasy we onuň taryhy ähmiýetini nygtaýar. Suw gorlary häzirki wagtda halkara durnuklylygynyň we ösüşiň esasy bölegi bolup, olaryň ekologiýany we ykdysadyýeti gorap saklamakda möhüm orny bardyr. Suw diplomatiýasy, ekologiki çäklendirmelere garşy durmak üçin möhüm gural hökmünde möhüm bolup, bu mesele Merkezi Aziýa üçin aýratyn möhüm hasaplanýar.
Türkmenistan, Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň agzasy hökmünde, suwuň hilini gowulandyrmak we ekologik durnuklylygy üpjün etmek üçin işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow suw diplomatiýasyny ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Türkmenistanyň suw diplomatiýasy, sebitde suw gorlaryny adalatly paýlamak we suw howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, halkara ylalaşyklaryna we BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.
Türkmenistan, BMG-niň Serhetüsti suw akymlaryny gorap saklamak boýunça Konwensiýasyna 2012-nji ýylda goşuldy. Şeýle-de, ýurdumyz Amyderýa we Syrderýa ýaly sebit derýalarynyň suw gorlaryny netijeli peýdalanmaga we bu meseleleri halkara derejede çözmäge işjeň gatnaşýar. Suw diplomatiýasy, klimatyň üýtgemegi we buzluklaryň eremegi ýaly global çäklendirmelere garşy durmakda möhüm orny eýeleýär. Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bir ýerde suw gorlaryny durnukly dolandyrmak, ekologiýany goramak we suwdan netijeli peýdalanmak üçin tagallalar edilýär. Türkmenistan, Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň çäklerinde, suw resurslarynyň netijeli dolandyrmagy we bölüşülmegini üpjün etmek maksady bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär. Türkmenistan, halkara başlangyçlaryna işjeň gatnaşyp, global ekologik çäklendirmelere garşy çözgüt tapmagyň ähmiýetini öňe sürýär.
Türkmenistan klimatyň üýtgemeginiň we suw meseleleriniň özara baglanyşyklydygyny birnäçe gezek nygtap çykyş etdi we şonuň üçin hem BMG-niň klimat baradaky gepleşiklerinde, şol sanda СОР-29 çäklerinde klimat syýasatynyň gün tertibindäki suw meselelerini ugrukdyrmaklyga gönükdirilen başlangyçlary goldaýar.
Klimatyň global üýtgeýän şertlerinde suwdan netijeli peýdalanylmagynyň meseleleri diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem tutuş dünýä üçin aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň suw gorlaryny durnukly dolandyrmagy ilerletmek ugrundaky tagallalary suwy has adalatly we howpsuz paýlamak ulgamyny döretmek üçin ekologiýa we gün tertibini birleşdirmek boýunça bütindünýä global meýillerini görkezýär.
Şirin RAHMANBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler