Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen reýtinginde 5 basgançak ýokarlady. Häzirki wagtda Türkmenistan milli ýygyndylaryň dünýä reýtinginde 137-nji ýere geçdi. Sanawda Türkmenistanyň ýokarsynda Filippinler, aşagynda bolsa Botswana ýerleşýär.
Mundan ozal, Türkmenistanyň 18-nji noýabrda Aziýa Kubogy — 2027-niň saýlamasynyň çäginde Hytaý Taýpeýini ýeňlişe sezewar edipdi. Arkadag şäherinde geçirilen şol oýun 3:1 hasabynda türkmen ýygyndysynyň peýdasyna tamamlanypdy. Hut şol ýeňiş hem Türkmenistana 9,43 reýting utugyny getirip, FIFA-nyň sanawyndaky ornuny gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.
Türkmenistanyň Aziýa Kubogy — 2027-niň saýlamasynyň «D» toparçasyndaky esasy garşydaşy Taýland bolsa 95-nji ýeri eýeledi.
Reýtingiň ilkinji ornuny Ispaniýa eýeläp dur. Şeýle-de ilkinji üçlükde Argentinanyň hem-de Fransiýanyň ady bar.
Leýli MOMMYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň talyby.
Teswirler