Bitaraplyk – dünýäde parahatçylygy pugtalandyrýan beýik nyşan

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň biragyzdan kabul eden Kararnamasy bilen Türkmenistan resmi taýdan hemişelik Bitarap ýurt hökmünde ykrar edildi. BMG-niň şol wagtda agza bolan 185 döwletiň ählisiniň bu çözgüde goldaw bermegi ýurdumyz üçin taryhy ähmiýeti bolan wakadyr. Bu şanly gün Türkmenistanyň ägirt uly abraýynyň bütin dünýäde tanalmagynyň simwoly hökmünde halkymyzyň ýüreginde mynasyp orun aldy.

Ýurdumyzyň ynsanperwer we demokratik ýörelgelere daýanýan Bitaraplyk syýasaty ykdysady, syýasy hem-de jemgyýetçilik ulgamlarynda möhüm wezipeleri üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär. Ähli ugurlarda gazanylýan ösüşler we Türkmenistanyň halkara arenasynda artýan abraýy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara derejede giň goldaw tapan döredijilikli başlangyçlary häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren başlangyçlary dünýä parahatçylygyny üpjün etmek, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, energetika, ulag-logistika, ekologiýa, howanyň üýtgemegi we ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýaly möhüm ugurlarda aýratyn ähmiýete eýedir.

Dünýäde emele gelen ýagdaýlar Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň tutýan ornunynyň we onuň ähmiýetiniň has-da artýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda 20-den gowrak döwleti öz içine alýan Bitaraplygyň dostlary toparynyň işjeň çäreleri bu syýasatyň möhüm ähmiýetini tassyklaýar. Bu toparyň agzalarynyň käbiri BMG-niň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy we Halkara Bitaraplyk güni baradaky Kararnamalarynyň awtordaşlarydyr. Toparyň çäklerinde geçirilýän yzygiderli duşuşyklar bitaraplyk ýörelgelerini giňden wagyz edip, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistan BMG-niň doly hukukly agzasy hökmünde soňky 30 ýyldan gowrak döwrüň dowamynda öňüni alyş diplomatiýasyny, parahatçylykly ýaşamak syýasatyny we deňhukukly dialog ýörelgelerini işjeň öňe sürýär. 2025-nji ýylda ýurdumyz Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny giňden belläp geçmäge taýýarlyk görýär hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hakyndaky Kararnamanyň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşýar.
Bitaraplyk häzirki wagtda hem Türkmenistanyň dünýäde giňden tanalmagynyň möhüm şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Bu ýörelge ata-babalarymyzyň parasatly mirasyna daýanýar we häzirki döwrüň ösüşleri bilen sazlaşykly utgaşýar.

Selbi Atanowa,

Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen
27-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok