Bilim ulgamynyň döwrebap ösüş ugurlary

Bilim ulgamy jemgyýetiň ösüşiniň möhüm binýadydyr. Döwletiň intellektual kuwwatynyň, ylmy-tehnologik mümkinçilikleriniň hem-de ykdysady ösüşiniň esasy çeşmesi hut bilimli we başarnykly adamlardyr. Şonuň üçin häzirki zaman döwletleri bilim ulgamyny ösdürmegi milli strategiki wezipe hökmünde kabul edýärler. Bilim jemgyýetiň medeni derejesini ýokarlandyrýar, jemgyýeti oýandyryp, onuň dünýägaraýşyny giňeldýär we täze nesli döwrebap başarnyklar bilen üpjün edýär.
Häzirki wagtda bilim ulgamynyň ösüşine täsir edýän esasy ugurlaryň biri sanlylaşmadyr. Sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde okuw prosesiniň ähli basgançaklarynda täze mümkinçilikler açyldy.

Döwrebap bilim ulgamynyň esasy aýratynlyklarynyň biri kompetensiýa esaslanýan çemeleşmedir. Bu çemeleşme diňe maglumat bermegi maksat edinmän, okuwçylarda döredijilik pikirlenişini, analitiki ukyplary, çözgüt tapmak başarnyklaryny ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Häzirki döwürde iş bazarynyň talaplary hem hut şeýle başarnyklary talap edýändigi sebäpli, bu ugurda alnyp barylýan işler aýratyn ähmiýete eýedir.
Geljekde bilim ulgamynyň ösüşi innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen ýola düşer. Robototehnika, programmirleme, emeli intellekt ýaly ugurlar boýunça okuwlaryň artmagy ýaşlaryň tehniki düşünjesini ösdürýär. Şeýle-de ýaşlarda kommunikasiýa, hyzmatdaşlyk, ýolbaşçylyk, taslama dolandyryşy ýaly başarnyklary artdyrmagy maksat edinýän döredijilikli okuwlaryň ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Bu bolsa ýaş nesliň dünýäde bolup geçýän täzeliklere çalt uýgunlaşmagyna we täze pikirleri öňe sürmegine mümkinçilik berýär.

Netijede, bilim ulgamy döwletiň ösüşiniň möhüm sütüni bolup durýar. Sanlylaşma, innowasion çemeleşmeler we halkara hyzmatdaşlygy bilen baýlaşdyrylan bilim syýasaty jemgyýetde täze nesliň giň gözýetimli, zehinli hem-de öňe ymtylýan bolmagyna ýardam edýär. Bilimiň ösdürilmegi diňe bir ykdysady ösüşi däl, eýsem jemgyýetiň medeni we ruhy ösüşini hem üpjün edýän möhüm ugurdyr.

Selbi Atanowa,

Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen
27-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok