“Şabat–Daşoguz” atly täze serhetýaka söwda zolagy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew duşenbe güni Daşkentde “Şabat–Daşoguz” atly täze bilelikdäki serhetýaka söwda zolagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Täze döredilen söwda zolagynda administratiw bina, degişli gümrük, karantin, fitosanitariýa we weterinariýa gulluklarynyň binalary, şeýle hem söwda pawilýonlary we ammar toplumy işe girizildi.

Zolagyň çäginde “bir penjire” ulgamy ornaşdyrylar, interaktiw hyzmat platformalary, bank we lukmançylyk hyzmatlary, myhmanhana desgalary hereket eder. Mundan başga-da, zolaga gelip-gidýänler üçin giň awtoduralga döredildi.

Bu täze zolagyň açylmagy Özbegistanyň Horezm welaýaty bilen Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin giň mümkinçilikleri döreder.

Şeýle hem Türkmenistan we Özbegistan “Alat — Farap” sebitinde-de serhetýaka söwda zolagyny döretmek barada ylalaşdylar.

Begli TIRKEŞOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok