Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynda okuw we terbiýeçilik işlerinde oňyn üstünlikler gazanylýar. Ýokary harby okuw mekdebiniň döredilmegi mynasybetli «Deňiz ýyldyzy» atly žurnaly çap edildi.
Onda harby deňizçi talyplaryň durmuşy, olar üçin döredilen şertler barada gürrüň berilýär. Hazar ýaly joşgunly deňizçileriň şygyrlary žurnala aýratyn bezeg berýär. Deňizçileriň gündelik durmuşyny, geçirilýän çäreleri, ýatdan çykmajak wakalary beýan edýän neşiriň sahypalary suratlara hem baýdyr. Serkerde mugallymlar, harby gullugyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi, şeýle-de harby ýörişler, deňizçi uçurymlaryň gutardyş dabarasy hakynda ýazylan makalalar diňe bir deňizçilere däl, eýsem, islendik adam üçin hem gyzykly bolsa gerek.
Teswirler