2025-nji ýylyň 16-njy noýabrynda (ýekşenbe güni) Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününiň hormatyna uly baýramçylyk dabarasy geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda (köne Sergiler köşgi) guralar.
Dabaranyň çäklerinde “Ýaşlar baýragy” boýunça ýeňiji bolan 141 sany ýaşlara ýörite şahadatnamalaryň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy meýilleşdirilýär. Bu çäre ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň yhlasy we döredijiligi üçin döredilen mümkinçilikleriň nobatdaky beýany bolar.
Şeýle hem baýramçylyk dabarasynyň dowamynda ýaşlaryň ylym, bilim, sport, sungat, innowasiýa we beýleki ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlanan giň gerimli sergi hem guralar. Sergide ýaşlaryň täze taslamalary, döredijilik işleri we olaryň gazanan üstünlikleri jemgyýetçilige hödürlener.
Çäräniň ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçmegi meýilleşdirilip, oňa gatnaşmak isleýän ähli ýaşlara we jemgyýetçilik wekillerine dürli mümkinçilik dörediler.
Teswirler