Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda kartografiýa boýunça I Internet- olimpiadasynyň geçiriljekdigini yglan etdi. Bäsleşigiň guramaçysy institutyň geodeziýa kafedrasy bolup, ol 17-nji dekabrda sagat 15:00-da geçiriler.
Olimpiadada dürli ugurlar boýunça okaýan ähli gyzyklanma bildirýän talyplar gatnaşyp bilerler. Her ýokary okuw mekdebinden 5-den köp bolmadyk talybyň gatnaşmagyna mümkinçilik berilýär.
Bäsleşik şahsy görnüşde geçiriler. Gatnaşýanlar 50 soragdan ybarat bolan test-synagyndan geçmeli bolar.
Olimpiadada çykyş etmek isleýänler 10-njy dekabra çenli tdbgi.kartografiya@gmail.com elektron salgysyna gatnaşjak talyplar we olaryň ýolbaşçysy barada maglumat ibermelidirler.
Arza tabşyrmak we olimpiadanyň geçirilmegi baradaky jikme-jik maglumatlar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirilendir.
Goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: +993 61 669421; +993 12 281840.
Teswirler