«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň biri bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanyljak güni barha golaýlaýar. Ildeşlerimiziň uludan-kiçisi bu şanly senä toý sowgatly barýar. Çünki Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz biziň her birimiziň buýsanjymyzdyr, Ýer ýüzünde asudalygyň, parahatçylygyň höküm sürmeginiň kepilidir.
Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk taglymaty häzirki wagtda dünýäde parahatçylygy berkitmek, abadan durmuşy üpjün etmek babatda öz taryhy-syýasy ähmiýetini barha pugtalandyrýar. Bu aýratyn hem, Merkezi Aziýa sebitindäki döwletleriň durmuş-ykdysady gurşawyna öz oňyn täsirini ýetirip, halkara hyzmatdaşlygy babatda ägirt uly ykdysady-syýasy mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek babatda täze gözýetimleri açýar. Muňa dünýäniň ösen döwletleridir halkara guramalaryň sebitiň döwletleri bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bildirýän gyzyklanmalarydyr durmuşa geçirýän tagallalarynyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Sebit formatyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ilerlemeginde Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik taglymaty örän uly ähmiýete eýedir. Bu hakykat häzirki wagtda bütin dünýäde belent ykrara eýedir. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi hem sözümiziň aýdyň delilidir.
Gahryman Arkadagymyzyň şahyrana sözler bilen wasp edişi ýaly:
Hoşniýetli dost ili — biziň eziz ilimiz,
Bitaraplyk, doganlyk — saýlan aýdyň ýolumyz!
Bu ýolda bize bagt nuruny saçyp, abadançylyk, rowaçlyk hemra bolýar. Sebäbi onuň özeninde Milli Liderimiziň bitaraplyk taglymaty, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan we ägirt uly üstünliklere beslenýän dünýä ähmiýetli beýik işleri durýar. Şonuň üçinem Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň üstümizdäki ýylda uly dabara bilen belleniljek şanly 30 ýyllyk baýramy ýurdumyzyň halkara abraýyny ýene bir gez belende götermekde, bütin dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy dabaralandyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.
Aýlar ROZYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler