Kädi çigidi biohimiki düzümi boýunça peýdaly ýaglara hem-de beloklara baý bolup, halk lukmançylygynda iç gatamaga garşy, iýmit siňdirişini kadalaşdyrýan serişde hökmünde we soguljanlara garşy giňden ulanylýar. Düzüminde sink bolany üçin, ony dowamly ýaraly-gynançly kesellerde hem peýdalanmak mümkin. Ýewropa ýurtlarynda kädi çigidini işdäaçarlaryň düzümine goşýarlar. Kädi çigidi we ondan taýýarlanan «kädi süýdi» gan azlygyň dürli görnüşlerinde hem ulanylýar.
Kädi çigidini ulanmagyň iň aňsat usuly — ony çigligine iýmekdir. Çagalar üçin her gün 20–25 däne, ulular üçin bolsa irden ajöze ýa-da ýatmazdan öň 40–50 däneden köp bolmadyk mukdar peýdalanylýar. Soguljanlara garşy ulanmak islenende, ony ýatmazdan öň kabul etmek maslahat berilýär. Kädi çigidi bedende ýetmezçilik edýän möhüm maddalaryň öwezini doldurýar, birnäçe howply çiş keselleriniň hem-de endokrin bozulmalaryň öňüni almagy ýeňilleşdirýär.
Kädi süýdi — kädi çigidini (gaty gabygynyň hem goşulmagy bilen) üwäp ýa-da döwüp, suw bilen garyp taýýarlanylýan içgidir. Häzirki döwürde ýörite tehniki enjamlar arkaly ony tiz taýýarlamak mümkin.
Aşgazan-içege ýollarynda sowuklama keseli ýitileşen ýagdaýynda kädi çigidini we süýdüni ulanmak maslahat berilmeýär. Balkädisiniň çigidi has peýdalydyr.
Kädi çigidi saglyga peýdaly önümleriň biri bolup, düzüminde PP, A, E, D, C we B topar witaminleri bar. Şeýle hem pektin, Omega-6, Omega-3 ýag turşylyklary, sellýuloza, aminokislotalar, demir, marganes, fosfor, mis, sink, ýod, kobalt, hlor we kremniý ýaly gymmatly maddalary özünde jemleýär. Şeýle düzümi sebäpli, horlanmak isleýänler üçin-de peýdaly önümdir.
Kädi çigidini yzygiderli kabul etmek gan aýlanyş ulgamyny kadalaşdyrmaga, gan damarlaryny giňeltmäge, ýürek keselleriniň öňüni almaga, holesteriniň derejesini peseltmäge, nerw ulgamyny kadalaşdyrmaga hem-de bedeniniň garşylyk ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Süýjilikleri köp ulanmak bedene zyýan ýetirip bilýär. Bu endigi azaltmakda hem kädi çigidi peýdalydyr, sebäbi ol süýjilige bolan höwesi peseldip bilýär. Çigidini çig görnüşde kabul etmek maslahat berilýär. Ol bagryň hem-de içegäniň işini kadalaşdyrýar. Şeýle-de böwrek keselleriniň, iç gatamanyň öňüni almaga we gan basyşyny kadalaşdyrmaga täsir edýär. Kädi çigidini günde 30 gramdan köp we ukudan öň kabul etmek maslahat berilmeýär.
Leýli MOMMYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň talyby.
Teswirler