Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisindäki taryhy çykyşynda beýan edilen ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny giňden wagyz etmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary, talyplar hem-de dürli ugurlarda iş alyp barýan hünärmenler gatnaşdy. Çäre sanly integrasiýanyň, innowasion tehnologiýalaryň we durnukly ösüşiň häzirki zaman jemgyýetindäki ornuna bagyşlandy.
Ylmy-amaly maslahat rektor H.Kadyrowyň giriş sözi bilen açyldy. Ol öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň öňe süren ählumumy parahatçylyk, ösüş we hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň ylmy jemgyýetçiligiň işjeň goldawyna mynasypdygyny nygtady.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyň, sanly ykdysadyýetiň hem-de innowasiýa ulgamynyň möhüm meseleleri giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Şolaryň hatarynda çykyş eden Röwşen Söýünow, Rus–Ysraýyl maýa goýum gaznasynyň esaslandyryjylarynyň biri hökmünde, “Sanly döwlet we häzirki zaman işewürlikde innowasion gurallaryň orny” atly temada çykyş etdi. Ol häzirki wagtda sanly dolandyryş ulgamynyň döwrebap ykdysady ösüşi üpjün etmekdäki ornuna, şeýle-de Türkmenistanyň bu ugurda gazanan üstünliklerine aýratyn ünsi çekdi.
Şeýle hem Muhammet Jepbarow, “Ynamly Belentlik” hojalyk jemgyýetiniň programma inženeri hökmünde, “Işewürlik hereketlerini tizleşdirmek üçin tehnologiýalary ornaşdyrmak” atly çykyşynda sanlylaşdyrmagyň işjeň täsirini we onuň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmakdaky mümkinçiliklerini beýan etdi.
Maslahatyň bölümleri “Sanly integrasiýa – halkara ynanyşmagyň we howpsuzlygyň kepili” hem-de “Sanly bilim – geljegi özgerdýän kämil gural” ýaly ugurlara bölünip, dürli mowzuklarda ylmy çykyşlar bilen dowam etdi.
Çykyşlarda emeli aň, kiberhowpsuzlyk, sanly diplomatiýa, maglumat üpjünçiligi, innowasion bilim tehnologiýalary ýaly möhüm meseleler giňden beýan edildi.
Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň sanly ösüşe we ýaş nesliň bilim mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilen başlangyçlaryna ýokary baha berdiler. Çäre, ýurdumyzyň bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we innowasion ösüşiň täze ugurlarynyň kesgitlenmegine möhüm goşant boldy.
Teswirler