Türkmenistan täze Galkynyş eýýamynda ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmegi we döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýär. Bu maksatlara ýetmek üçin bolsa, diňe bir döwrebap enjamlar däl, eýsem, innowasion tehnologiýalary özleşdirip biljek, çözgüt tapmaga ukyply ýokary derejeli hünärmenler wajypdyr.
Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň tehniki we inženerçilik ugurlary boýunça hünärmen taýýarlaýan ähli ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň metodikasyny düýpli kämilleşdirmek zerur bolup durýar. Okadyş prosesiniň netijeliligini ýokarlandyrmak nazary bilimi önümçilik amaly bilen berk baglanyşdyrmaga baglydyr.
Häzirki döwürde tehniki bilimde okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin Simulýasiýa we sanly modelirleme (Digital Simulation) usulyny ulanmak zerur bolup durýar. Bu metodikanyň esasy özboluşlygy şundan ybarat: talyp hakyky we gymmatbahaly enjamlara degmänkä, ähli prosesleri kompýuter modelinde synap görýär. Bu, çylşyrymly fiziki hadysalaryň ýa-da ulgamlaryň (mysal üçin, inženerçilik desgalarynyň) dolandyrylyşyny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Bu usulyň netijesi bolsa: talyp nazary bilimi ulanyp, eksperimentler geçirip, potensial howply ýagdaýlara gaýry-gaýtarymsyz zyýan ýetirmezden jogap bermegi öwrenýär. Bu usul, täze, dogry inženerçilik kararlaryny kabul etmäge endik döredýär.
Mundan başga-da, taslama esasynda okatmak (Project-Based Learning — PBL) usuly inženerçilik ugurlarynda örän uly ähmiýete eýedir. Onuň esasy özboluşlygy, okuw materiallaryny aýratyn dersler boýunça däl-de, hakyky durmuşdaky taslamanyň üstünde işlemek arkaly özleşdirmekden ybaratdyr. Talyplar kiçi toparlara bölünip, başlangyç tapgyrdan soňky hasabata çenli tutuş bir inženerçilik meselesini çözýärler. Bu metod, talyplaryň arasynda toparlaýyn işlemek, wagt dolandyryşy we dizaýn pikirlenmesi ýaly häzirki iş berijiler üçin wajyp bolan endikleri ösdürýänligi bilen tapawutlanýar.
Üçünji möhüm ugur bolsa pudaklaýyn integrasiýa we “bilelikdäki okuw” elementleri hasaplanýar. Onuň esasy özboluşlygy: ýokary okuw mekdepleri bilen degişli pudak (senagat, gurluşyk, IT) kärhanalarynyň arasynda strategiki hyzmatdaşlygy berkitmekdir. Bu, diňe bir tejribelik däl, eýsem, okuw programmalaryny pudak hünärmenleri bilen bilelikde kämilleşdirmegi hem aňladýar. Bu integrasiýanyň netijesi mugallymlar bilen önümçilik hünärmenleriniň bilelikde sapak geçirmegi, okuw materialynyň iň täze tehnologiki talaplara laýyk gelmegini üpjün edýär we talyplaryň diplom işleriniň önümçilikde ulanylmaga ukyply bolmagyna ýardam edýär.
Innowasion metodlar döwründe mugallymyň roly diňe bir bilim beriji däl, eýsem, mentor we ugrukdyryjy bolmalydyr. Mugallymlar sanly bilim serişdelerini, onlaýn-kurslary we täze programma üpjünçiliklerini yzygiderli öwrenip, öz bilimlerini kämilleşdirmelidirler.
Netijede, okuw metodikasynyň bu kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara derejedäki bäsdeşlige ukyply hünärmenler bolup ýetişmegine we ykdysadyýetimiziň sanly ösüşiniň berk esaslaryny goýmaga ýardam eder.
Aýgül TARNAWOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler