Matematika sapaklarynda döredijiligi we logiki pikirlenmäni ösdürmegiň usullary

Häzirki zaman jemgyýetiniň ösüşi adamy diňe taýýarlan maglumatlary ýatda saklamaga däl, eýsem döredijilikli we logiki pikirlenmäge, öz ýoluny tapmaga, meseleleri çözmegiň täze usullaryny oýlap tapmaga höweslendirýär. Bilim ulgamynyň özeni bolan matematika dersi hem hut şu maksada hyzmat edýär. Matematika diňe sanlaryň, formulalaryň toplumy bolman, ol adamyň akyl taýdan ösüşiniň, çuňňur logiki düşünmäniň we döredijilikli garaýşyň binýadydyr.

Okuwçylarda döredijiligi ösdürmek diňe çeperçilik ýa-da sungat bilen bagly düşünje däldir. Döredijilik – täze çözgüt tapmak ukybydyr. Matematika sapagynda bu düşünje örän uly ähmiýete eýe. Mugallym diňe mysallary düşündirip, netijesini görkezmek bilen çäklenmän, okuwçyny “näme üçin şeýle bolýar?” diýen soraga jogap tapmaga, başgaça çözgütleri gözlemäge ugrukdyrmaly. Şonuň üçin häzirki wagtda sapaklarda okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmegine mümkinçilik berýän interaktiw we döredijilikli usullar giňden ulanylýar.

Mysal üçin, mugallym adaty deňlemäniň çözgüdini görkezmezden ozal okuwçylardan dürli ýollar bilen çözgüde ýetmegiň usullaryny sorap biler. Şeýle ýagdaýda okuwçy diňe bir düzgüni ýatlaman, eýsem, düşünje arkaly netijä gelmegi öwrenýär. Şeýlelikde, ol logiki pikirlenmäni ulanmagy endik edinýär.

Döredijiligi ösdürmegiň beýleki bir täsirli usuly – toparda bilelikde işlemekdir. Okuwçylar bir mesele boýunça pikir alyşýarlar, her kim öz pikirini aýdýar, netijede iň dogry ýol tapylýar. Şeýle sapaklar diňe matematiki ukyby däl, pikirlenmäniň çeýeligini, garaýyşlaryň dürlüligini hem ösdürýär.

Tehnologiýanyň ösmegi bilen matematikany okatmakda sanly serişdeler aýratyn ähmiýete eýe boldy. Grafikany animasiýa arkaly görkezmek, logiki oýunlar, intellektual platformalar okuwçylarda gyzyklanma döretmek bilen bir hatarda olaryň döredijilik güýjüni hem oýarýar. Mysal üçin, bir şekiliň simmetriýasyny kompýuter arkaly öwürmek, geometrik şekillerden täze görnüşleri döretmek ýaly işleri ýerine ýetirmek okuwçylary döredijilikli pikirlenmäge iterýär.

Matematika sapaklarynda logiki pikirlenmäni ösdürmegiň iň netijeli ýoly – sorag bermegiň medeniýetini ösdürmekdir. Mugallym diňe dogry jogaplary talap etmän, okuwçynyň nädip pikir edendigine, çözgüde nähili ýol bilen gelendigine ünsi jemlemelidir. Sebäbi logiki pikirlenme diňe netijeden däl, oňa eltýän ýol bilen ölçenilýär.

Şeýle hem sapaklarda durmuşa ýakyn mysallaryň ulanylmagy döredijilikli pikirlenmäni ösdürmegiň netijeli usulydyr. Okuwçy gündelik durmuşda matematika bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny duýmaly. Meselem, söwda, gurluşyk, syýahatçylyk ýaly ugurlardan mysallaryň getirilmegi diňe dersi düşnükli etmeýär, eýsem, onuň peýdasyny görkezýär.

Döredijilik we logiki pikirlenme sapagyň aňyrsynda hem dowam etmeli. Okuwçylaryň arasynda bäsleşikler, olimpiadalar, “akyl oýunlary”, “matematiki pikirlenme günleri” ýaly çäreler olaryň döredijilik mümkinçiliklerini açýar, öz güýjüne ynamyny artdyrýar. Şeýle çärelerde mugallymyň wezipesi – ýolbaşçylyk etmek däl, ugrukdyrmakdyr.

Netijede, matematika diňe hasap öwredýän dersi däl, ol döredijilikli, logiki, garaşsyz pikirlenýän şahsyýeti terbiýeleýän ylmyň mekdebidir. Döredijilik bilen pikirlenmek – häzirki döwrüň iň zerur başarnygy. Şonuň üçin mugallymyň wezipesi diňe sanlary düşündirmek däl, ol sanlaryň aňyrsynda durýan akyl gurluşyny öwretmekdir.

Aýgül AKMÄMMEDOWA,

Gökdepe etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň

mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok