Özbegistan – ABŞ raýatlary üçin wizasyz giriş düzgünini girizýär

2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň raýatlary üçin Özbegistan Respublikasyna 30 güne çenli möhlet bilen wizasyz giriş düzgüni girizilýär. Bu çäre Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 3-nji noýabryndaky UP-203 belgili Permany bilen göz öňünde tutuldy. Onuň maksady özbek-amerikan gatnaşyklaryny has-da berkitmek we söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döretmekdir.

Täze düzgün iki ýurduň arasynda özara düşünişmegi çuňlaşdyrmaga hem-de işewür, ylmy we medeni gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen möhüm ädim bolar.

Wizasyz tertip amerikan raýatlaryna Özbegistan boýunça has erkin syýahat etmäge, onuň baý taryhy mirasyny, maýa goýum we syýahatçylyk mümkinçiliklerini öwrenmäge ýardam eder.

Wiza düzgüniniň ýönekeýleşdirilmegi ABŞ-dan gelýän syýahatçylaryň akymynyň artmagyna, işewür gatnaşyklaryň pugtalanmagyna we Özbegistanyň halkara derejede açyk hem-de myhmansöýer ýurt hökmünde oňyn abraýynyň öňe gitmegine goşant goşar diýlip garaşylýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok