Milli manadymyz – döwletimiziň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Baky Bitarap Watanymyz Türkmenistan ak bagtyň aýdyň ýollarynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň bagtly, rahat we bolelin durmuşda ýaşamaklygy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Elbetde, her bir halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklygy üçin döwletiň durnukly ösýän ykdysadyýetiniň, ösen bank ulgamynyň bolmaklygynyň zerurlygy bolsa ikuçsuzdyr. Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek maksady bilen «Açyk gapylar» syýasaty yglan edildi. Bu syýasat daşary ýurt maýadarlaryna, harytlaryna ýol açmaga, daşary ýurt maýadarlaryny bilelikdäki kärhanalary gurmak işine çekmek arkaly milli ykdysadyýetimize häzirki zaman tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmaga we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmäge ýardam etdi. «Açyk gapylar» syýasatynyň yglan edilmegi bilen, «Türkmenistanda daşary ýurt inwestisiýalary hakyndaky» (1992 ý.) kanunlar we «Daşary ýurt inwestisiýalaryny we maýa goýumlaryny goramagyň kepilnamalary hakyndaky» (1993 ý.) karar kabul edildi.

Her bir güni toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak wakalara beslenýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda milli pul birligimiz bolan türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegine hem 33 ýyl dolýar. Islendik döwletiň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşi üçin milli bank ulgamynyň kämil bolmagy, milli pul birliginiň hümmetiniň ýokary bolmagy zerur bolup durýar. 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň taryhynda möhüm waka boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty bilen 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda türkmen manadynyň denominasiýasy, ýagny onuň hümmetiniň üýtgedilmegi geçirildi. Netijede milli pul birligimiziň hümmeti güýçlendi, töleg dolanyşygy ýeňilleşdi. Şu gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň ykdysady we maliýe-bank ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, milli manadyň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly netijeler gazanyldy. Türkmenistanyň milli pul birligi diňe bir ýurduň garaşsyzlygynyň alamaty däl. Manat bu – taryh we gözel ýerler üçin kiçijik gollanmadyr. Pul birlikleriň öň tarapynda türkmen halkynyň taryhy şahsyýetleri şekillendirilendir. Mysal üçin, 1 manadyň öň tarapynda Togrul Begiň, 5 manatda Soltan Sanjaryň, 10 manatda Magtymguly Pyragynyň, 20 manatda Göroglynyň, 50 manatda Gorkut atanyň we 100 manatda Oguz Hanyň şekilleri şekillendirilýär. Arka tarapynda bolsa ýurduň binagärlik ýadygärlikleri şekillendirilendir.

Manadyň kagyzynyň 5 goraýjy aýratynlygy bar. Onuň kagyzy plastmassa goşmak bilen pagtadan ýasaldy. Munuň netijesinde 3 müňden gowrak egilmelere çydap bilýärler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin edýän taýsyz tagallalaryndan ugur alyp, häzirki wagtda milli pul birligimiz – manat elektron görnüşinde hem giňden ulanylýar. Watandaşlarymyzyň «Altyn Asyr», «Millikart», «Maşgala», «Goýum bank karty», şeýle-de «VISA», «MasterCard» ýaly bank kartlaryndan giňden peýdalanmagy hem sanly ykdysadyýetiň ösmegine, pul dolanyşygynyň yzygiderli ýokarlanmagyna uly goşant goşýar.

Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, ukyp-başarnyklarymyzy açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Döwletmyrat ARAZOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok