XXI asyrda dünýäniň syýasy giňişliginde parahatçylykly gatnaşyklaryň ösmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şol tagallalaryň öň hatarynda bolsa, hiç bir konflikte goşulman, ynanyşmak we parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýan ýurtlaryň biri hökmünde Türkmenistan durýar. Bu ýyl bolsa, türkmen halky özüniň bu ýolunyň beýik baýramyny — hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygyny belleýär.
Bu şanly sene diňe bir ýurduň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň parahatçylykly ösüşe bolan ynamynyň baýramydyr. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň üç gezek ýörite kararnamalary bilen ykrar edilip, halkara hukuk derejesinde berkidildi. Munuň özi dünýä döwletleriniň ýurdumyza goýýan uly ynamynyň, Garaşsyz Türkmenistanyň parahatçylykly ýörelgeleriniň halkara derejesindäki üstünlikleriniň aýdyň subutnamasydyr.
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem hut şu ýörelgeleriň dowamydyr. Aşgabadyň gözel şäherinde geçiriljek halkara forum diňe bir dabaraly waka bolman, eýsem, dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň we özara hormat goýmagyň ähmiýeti barada pikir alyşmak üçin giň meýdança bolar. Bu forum üçin ýörite döredilen köpdilli web sahypasy hem Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligine açyklygyny, sanly diplomatiýanyň mümkinçiliklerini peýdalanýandygyny görkezýär.
Bitaraplyk — diňe bir daşary syýasat däl, eýsem, halkyň kalbynda ornaşan gymmatlykdyr. Bu syýasat «açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak we ösüş ýörelgeleri bilen utgaşyp, ýurdumyzyň içerki ösüş maksatnamalaryna hem batly itergi berdi. Şonuň üçinem Bitaraplyk — türkmen döwletiniň syýasy sütünidir, onuň halkara abraýynyň beýik nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiz Bitaraplygyň häzirki döwrüň meselelerini çözmekde hem-de global howpsuzlygy üpjün etmekde ähmiýetini aýratyn nygtaýar. Parahatçylykly diplomatiýa diňe söz bilen däl, iş bilen hem subut edilýär — Türkmenistan BMG, ÝHHG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulmazlyk Hereketi ýaly iri halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýär.
Bitaraplygyň ýolunyň many-mazmuny diňe syýasy taýdan däl, ruhy taýdan hem beýikdir. Ol halkymyzyň müňýyllyklardan gelýän «ýaraşykly ýaşaýyş», «dostluk we ynanyşmak» ýörelgelerinden gözbaş alýar. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir halkara hukugyň derejesindäki düzgün däl, eýsem, milletimiziň durmuş ýörelgesidir.
Sähra MUHAMMEDRÜSTEMOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň talyby.
Teswirler