Türkmen halkynyň milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna badalga bermek mynasybetli geçirilen çärede şeýle diýdi: «Şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da artdyrdy. Ýakynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara maslahat bilen bagly «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu halkara maslahat bilen bagly Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp hem öz gutlagyny iberipdi.
Pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzda geçirilýän uly ähmiýetli halkara maslahatlary goldap, öz gutlagyny iberendigi, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasyny goldaýandygy üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin».
Teswirler