“Ozzy eje” 84 ýaşady

Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Apbasowanyň ady tutulsa, adamlaryň ýüzünde ýylgyryş peýda bolýar. Indi köp ýyllardan bäri gülküli keşpleri döredip, halkymyza ruhy lezzet paýlap gelýän Orazgül Apbasowany halkymyz Ýalpyl daýza we Ozzy eje keşpleri arkaly tanaýar.

Orazgül Abasowa 1941-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda dünýä inýär. Ol heniz mekdep okuwçysyka etrap merkezinde açylan halk teatrynda ýönekeý keşpleri döredip başlapdyr, geçirilýän teatr festiwallaryna işjeň gatnaşypdyr. Bir gezek halypa artist, režissýor Aman Kömekow halk teatrynda goýlan «Zöhre — Tahyr» sahna oýnunda çykyş eden Orazgül Apbasowa syny oturyp, ony şol wagtky Mollanepes adyndaky teatr studiýasyna Aşgabada okuwa çagyrypdyr. Ol bu ýerde ilki «Joralar», «Iki hojaýynyň hyzmatkäri» ýaly sahna eserlerinde keşp döredipdir, soňlugy bilen onuň döreden keşpleriniň sany artypdyr.

Orazgül Abasowa «Türkmenfilm» kinostudiýasynda surata düşürilen «Jadyly hünji hakynda erteki», «Ýartygulak», «Akpamyk» ýaly çeper filmlerde hem keşp döretdi. Bulardan başga-da ol kinorežissýor I.Bekmiýewiň «Jennet bagy», H.Kakabaýewiň «Jennet guşy», K.Orazsähedowyň «Çakan aga», W.Işangulyýewiň «Bagta barýan ýollar», K.Garaýewiň «Söýgi durmuşyň bezegi» atly filmlerinde dürli keşpleri ýerine ýetirýär. O.Abasowa türkmen telewideniýesi hem-de Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan taýýarlanan teleoýunlarynda Ýalpylyň, Ozzy ejäniň keşplerini ussatlarça ýerine ýetirip, giň tomaşaçylar köpçüliginiň söýgüsini gazandy.

Zehinli artistiň dürli häsiýetdäki gahrymanlaryny teleradioýaýlymlarynyň «Degişmeler dünýäsi» gepleşiginde goýberilýär. Ozzy eje adyny alan artist ençeme degişmeli sahnalary halkymyza ýetirdi. Orazgül Abasowanyň türkmen teatr hem-de kino sungatynda bitiren işlerini göz öňünde tutup, ol döwlet tarapyndan birnäçe sylaglar bilen sylaglandy we hormatly atlar dakyldy. Oňa 1991-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 2007-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar dakyldy.

“InAshgabat” redaksiýasy Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Apbasowanyň doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok