Häzirki döwürde dünýäniň ähli künjeklerinde tehnologiýanyň ösüşi barha tizleşýär. Bu ösüşiň özeninde bolsa “sanly ulgam” diýen düşünje durýar. Sanly ulgam – maglumatlaryň elektron görnüşde saklanylmagy, işlenilmegi we paýlanylyşy bilen baglanyşykly giňişleýin tehnologiýalar toplumy bolup durýar.
Sanly ulgam diňe bir kompýuter ýa-da internet bilen çäklenmän, dürli ulgamlaryň birleşmegini, maglumatlaryň akylly usullar bilen dolandyrylmagyny we dürli pudaklarda netijeliligi ýokarlandyrmagy maksat edinýär.
Türkmenistanda hem sanly ulgamy ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Sanly Konsepsiýasy üstünlikli durmuşa ornaşdyryldy. Bu bolsa ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, işgärleriň sanly sowatlylygynyň ýokarlandyrylmagyna, şeýle-de döwrebap maglumat ulgamlarynyň döredilmegine mümkinçilik berýär.
Sanly ulgam arkaly döwlet edaralary hyzmatlaryny onlaýn görnüşde hödürläp başlady. Ilat üçin bu amatlylygy, wagty tygşytlamagy üpjün edýär. Mysal üçin, resminamalaryň elektron görnüşde alnyp barylmagy, tölegleriň internet arkaly amala aşyrmak hyzmatynyň ornaşdyrylmagy sanly ulgamyň peýdalarynyň diňe bir bölegidir.
Sanly ulgamy ösdürmek – diňe häzirki döwrüň talaby däl, eýsem geljegiň hem ýol kartasydyr. Bu ugurda ýaşlara tehnologik bilim bermek, ýaş hünärmenleri taýýarlamak we täze innowasion taslamalary durmuşa geçirmek möhüm bolup durýar.
Oguljeren AÝMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika
institutynyň mugallym-öwrenijisi.
Teswirler