«Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk” atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary, Türki medeniýetiniň we mirasynyň gaznasy hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan «Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk” atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Maslahata ýurdumyzyň alymlary bilen bir hatarda Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan, Eýran, Özbegistan, Hindistan we Moldowadan alymlar onlaýn görnüşde gatnaşdylar.

Çykyşlarda Mahmyt Kaşgarlynyň türki halklaryň dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny ylmy taýdan öwrenmekde bitiren hyzmatlary, onuň «Diwany lugat at-türk» eseriniň türki dünýäniň ilkinji ensiklopedik sözlügi hökmünde ähmiýeti nygtaldy. Eserde oguz türkmenleriniň nakyllary, atalar sözi we halk döredijiligi bilen baglanyşykly maglumatlaryň bolmagy türkmen halkynyň ruhy mirasyny öwrenmekde uly gymmat hökmünde görkezildi.

Maslahatda bellenilişi ýaly, Mahmyt Kaşgarlynyň bu eseri diňe bir dil hazynasy bolman, eýsem, türki halklaryň agzybirligini, ynanyşmagyny we parahatçylyk ýörelgelerini wagyz edýän gymmatly çeşmedir.

Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa çykyşynda Mahmyt Kaşgarlynyň mirasynyň dünýä ylmynda şöhle saçýan gymmatdygyny belläp, milli mirasy dünýäde tanatmakda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň aýratyn ähmiýetini nygtady.

Maksat MERDANOW,

Türkmenistanyň Dasary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň III talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok