Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, täze taryhy döwrümizde ýaş nesilleriň zähmet, ekologiýa terbiýesine möhüm ähmiýet berilýär. Arkadag şäherini hem-de ondaky edara binalarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmek, tebigy gurşawy abadan we arassa saklamak, ýaşlarda ekologik terbiýäni ösdürmek, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallalary bilen durmuşa geçirilýän döwlet ekologiýa syýasatynyň çäginde amal edilýän möhüm ähmiýetli işlere raýatlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak maksady bilen, Arkadag şäheriniň häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik, Agrar hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň Arkadag şäheriniň komitetleri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşi bilelikde Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynyň arasynda «Tebigatyň abadançylygy — geljegiň abadançylygy» atly bäsleşigi yglan edýär.
Bäsleşik Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynyň arasynda geçirilýär. Emin agzalary tarapyndan edara-kärhanalaryň daş-töwereginde ekilen agaç nahallarynyň we möwsümleýin gülleriň ýetişdirilişine, arassaçylyk işleriniň geçirilişine seredilip, bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlener. Bäsleşik 2025-nji ýylyň güýzki bag ekmek dabaralarynyň çäklerinde jemlener we yglan eden taraplaryň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Teswirler