2025-nji ýylyň 4-6-njy oktýabry aralygynda Germaniýanyň Bielefeld şäherinde ýetginjekleriň arasynda mental arifmetika boýunça dünýä derejesindäki bäsleşik geçirildi. Bu halkara ýaryşa Türkmenistanyň sekiz okuwçysy gatnaşyp, üstünlikli netije gazandy. Bu barada “Kämil bilim” okuw merkezinden habar berildi.
Bäsleşigiň düzgünlerine görä, okuwçylar matematikanyň 23 bölüminden ybarat, 30 sahypa golaý sowallary 2 sagadyň dowamynda ýatdan dogry çözmeli boldular. Şeýle hem olaryň ýerine ýetirmeli goşmaça 5 tema boýunça işleri boldy.
Bäsleşige Fransiýa, Çehiýa, Ýaponiýa, Hindistan, Meksika, Müsür, BAE, Günorta Afrika Respublikasy ýaly 20 ýurtdan 100-den gowrak ýetginjek gatnaşdy. Türkmenistanyň wekilleri “12 ýaşa çenli” we “12-15 ýaş aralygyndaky” toparlarda çykyş edip, ilkinji 10-luga girmegi başardylar.
Türkmenabatdaky ýöriteleşdirilen 41-nji mekdebiň okuwçysy Mekan Nurgeldiýew, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi hökmünde çykyş edip, 12 ýaşa çenli toparda 2000-den ýokary bal toplap, 4-nji orny eýeledi.
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 87-nji mekdebiň okuwçysy Liwanur Berdiýewa hem 12-15 ýaş aralygyndaky ýetginjekler toparynda 2000-den ýokary bal bilen 6-njy orny gazandy.
Şeýle-de, Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen 6-njy mekdebiň okuwçysy Patma Gündogdyýewa “Iň ýaş gatnaşyjy” hökmünde Kuboga mynasyp boldy.
«Bu halkara ýaryşa gatnaşmak okuwçylarymyz üçin tejribe toplamaga, täze dost tutunmaga uly mümkinçilik berdi. Çünki toparymyzyň agzalarynyň köpüsi şeýle giň gerimli bäsleşige ilkinji gezek gatnaşýar. Bu ýaryşda 2000-den köp bal gazanmak, ýokary netije hasaplanýar. Bu günki gazanylan netije geljekki üstünliklere tarap möhüm ädim boldy» – diýip, «Kämil bilim» okuw merkezleriniň direktorynyň orunbasary Döwletmyrat Durdymämmedow gürrüň berdi.
Germaniýanyň Bielefeld şäherinde okuwçylarymyzyň üstünlikli çykyş etmegi ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmäge uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Teswirler