2025-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Ýaponiýanyň Kioto şäherinde geçirilen “Ylmyň we tehnologiýanyň jemgyýetdäki orny” atly forumyň 22-nji mejlisine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Wekiliýete Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilow ýolbaşçylyk etdi. Bu habar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirildi.
Forumyň çäklerinde resmi açylyş dabarasy, giriş çykyşlar, plenar mejlis we ýörite mowzuklaýyn sessiýalar geçirildi. Dabaranyň açylyşyna Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem gatnaşdy. Şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen ýokary derejeli wekiller bu forumda öz pikirlerini paýlaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti bilim, ylym, tehnologiýa we innowasiýalar boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça duşuşyklary geçirip, söhbetdeşlikler alyp bardy.
Teswirler