2025-nji ýylyň 6-7-nji oktýabry aralygynda Azerbaýjanyň Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky sammiti geçiriler. Bu forum “Sebitleýin parahatçylyk we howpsuzlyk” temasy bilen guralýar.
Sammitiň gün tertibine guramanyň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi. Duşuşykda syýasy, ykdysady, energetika, ulag, innowasiýa, maýa goýum, ynsanperwerlik we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle hem halkara syýasatyndaky möhüm meseleler boýunça hem pikir alyşmalar bolar.
Sammitiň netijesinde agza ýurtlaryň özara gatnaşyklaryny güýçlendirmek maksady bilen birnäçe bilelikdäki çözgütleriň we resminamalaryň kabul edilmegine garaşylýar.
Teswirler