Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň binasynda ýaşlaryň innowasion pikirlerini we döredijilikli başlangyçlaryny goldamak maksady bilen, «Startaplar we ekoulgamlar» atly startup bäsleşigi geçirildi.
Bu çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen Aşgabat şäherindäki Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda üstünlikli amala aşyryldy.
Bäsleşik, Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda guralyp, olaryň täze tehnologiýalara, döredijilikli pikirlenmäge, innowasion çözgütlere bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga hem-de startap mümkinçiliklerini ýüze çykarmaga gönükdirildi.
Bäsleşikde çykyş eden taslamalar:
1-nji orun: Tokga Tokgaýew – “Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi” hünäriniň 2-nji ýyl talyby hem-de Bilbil Tokgaýewa – “Kompýuter ulgamlary we toplumlary” hünäriniň 1-nji ýyl talyby
Taslamanyň ady: Ýel turbinalary. Ekologiýa taýdan arassa, alternatiw energiýa çeşmesi hökmünde täze görnüşli ýel turbinalaryny döretmek boýunça taýýarlanan innowasion çözgüt.
2-nji orun: Bilbil Tokgaýewa – “Kompýuter ulgamlary we toplumlary” hünäriniň 1-nji ýyl talyby
Taslamanyň ady: Parhaý şypahanasy. Sanly hyzmat platformasy arkaly dynç alyş we bejeriş merkezlerine onlaýn ýazgy ulgamyny ornaşdyrmak.
3-nji orun: Annaberdiýewa Laçyn – “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit” hünäriniň 3-nji ýyl talyby
Taslamanyň ady: Behi çiginden krem. Tebigy serişdelerden taýýarlanylýan, ýerli önüm hökmünde ekologiýa taýdan arassa we saglyga peýdaly kosmetiki krem.
Teswirler