Türkmenistanly ýaş we zehinli estrada aýdymçysy Begenç Öräýew diňleýjilerini täze aýdym bilen begendirdi. Ol bu gezek “Eje, meni hüwdüläý” atly aýdymy hödürledi.
Täze eseriň aýratynlygy – onuň sözleriniň hem-de sazynyň awtorynyň Begenç Öräýewiň özüdiginde. Aýdymda enä bolan çäksiz söýgi, mähir hem-de çagalyk duýgulary beýan edilýär.
Ýumşak sazly we ruhy täsirli bu täze aýdym diňleýjileriň ýüreginde ýol tapýar. Öräýewiň döredijilik ýolunda bu eser aýratyn orny eýelejek ýaly görünýär.
Teswirler