Bu bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan guralýar.
Bäsleşigiň esasy maksady zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary täzeçil ideýalara höweslendirmek we ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynda täze işewürlik başlangyçlaryny hödürlemäge ýol açmakdyr. Şeýle hem bu giň möçberli çäräniň üsti bilen ýaşlar maýadarlar, döwlet edaralary bilen duşuşmak, pikir alyşmak mümkinçiliklerini gazanarlar.
Bäsleşige ýurdumyzyň ähli künjeginden ýaşlar – okuwçylar, talyplar, ýaş mugallymlar, ýaş telekeçiler, oba hojalyk pudagynyň wekilleri, şeýle hem innowasion pikirleriň awtorlary gatnaşyp bilerler. Ýarymfinal tapgyrynda gatnaşyjylar üçin ýörite okuwlar – startap dolandyryşy, çykyş taýýarlamak we maýa goýumlary çekmek boýunça ussatlyk sapaklary guralar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda geçiriler. Onda ýeňijilere hormatly orunlar boýunça baýraklar, gymmat bahaly sowgatlar hem-de degişli hormat hatlary gowşurylar. Mundan başga-da, bäsleşikde tapawutlanan işewürlik taslamalaryny durmuşa geçirmäge maýadarlar bilen hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler dörediler.
Bu başlangyç ýurdumyzyň ýaşlarynyň döredijilik pikirleriniň ösüşine uly itergi berip, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine hem-de hususy telekeçiligiň ösdürilmegine mynasyp goşant bolar.
Teswirler