25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek meselesi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň we agzybirligiň ýurdy hökmünde tanalýandygy bellenildi. Ata-babalarymyzdan gelýän hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, häzirki wagta çenli 5 müň 152 sany daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan ynsanperwer syýasatyny ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 142 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Olar dünýäniň 7 döwletiniň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, döwletimizde adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we 142 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi.
Teswirler