Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryna pugta eýerer

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde çykyş edip, bu duşuşygyň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.

Munuň sebäbi, 30 ýyl mundan ozal şu ýerde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany biragyzdan kabul edilipdi. Munuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň özüne bildirilen ynamy hemişe ýatda saklajakdygyna we öz üstüne alan halkara borçnamalaryna pugta eýerjekdigine ynam bildirdi.

«Ol ýurdumyz üçin taryhy waka bolup, Türkmenistanyň geljekki daşary syýasy we halkara işini kesgitledi. Biziň Bitaraplygymyzyň halkara derejede ykrar edilmegi daşarky amatly şertleri üpjün edip, döwletimiziň içerki ösüşini işjeňleşdirmäge ýardam berdi» – diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň adyndan BMG-niň agza döwletlere, tutuş dünýä jemgyýetçiligine 1995-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen we Baş Assambleýanyň soňky iki Kararnamasy bilen tassyklanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny ykrar etmek baradaky çözgüt üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Çeşme: «Altyn asyr» elektron gazeti

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok