Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan “Türkmenistan – mümkinçilikler ýurdy” atly maglumat tehnologiýalary boýunça startap bäsleşigi geçirilýär. Bu bäsleşik ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, ýaşlaryň innowasion pikirlerini höweslendirmäge we telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
Bäsleşige mekdep okuwçylary, ýokary okuw jaýlarynyň talyplary, mugallymlar, telekeçiler, IT hünärmenleri we täzeçil pikirleriň eýeleri gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
Taslamalar 22-nji oktýabra çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň Aşgabat şäher komitetine, Aşgabat şäheri, S. Türkmenbaşy şaýoly, 81, 3-nji gat salgysy boýunça tab\yrmalydydyr. Her gatnaşyjy diňe bir taslama bilen gatnaşyp biler.
Taslamalary deslapky saýlanyp alnan awtorlar okuw “butkempyna” çagyrylar, ol ýerde olar startaplary dolandyrmak we maýa goýumlary çekmek boýunça öz endiklerini kämilleşdirip bilerler. Jemleýji tapgyrda gatnaşyjylar öz taslamalaryny eminler toparyna we hünärmenlere tanyşdyrarlar.
Baha bermek ölçegleri
Eminler topary taslamalara birnäçe ölçegler boýunça baha bererler:
Innowasionlyk — pikiriň täzeligi we özboluşlygy.
Durmuş-ykdysady ähmiýeti — ýurduň ösüşine goşant.
Durmuşa geçirmek — tehniki we guramaçylyk taýdan işlenip düzülişi.
Biznes modeli — ykdysady netijeliligi we pul gazanmak mümkinçiligi.
Topar işi — durmuş endikleri.
Tanyşdyryş — çykyşyň aýdyňlygy we ynamlylygy.
Bäsleşigiň jemleri 25-nji noýabrda jemlener. Iň gowy alty sany startapyň awtorlary ýeňiji bolar we baýrakly orunlary paýlaşarlar: bir sany birinji, iki sany ikinji we üç sany üçünji orun.
Ýeňijiler Baş hemaýatkär — «TMT Consulting Group» kompaniýasyndan Hormat hatlaryny we gymmat bahaly baýraklary alarlar. Mundan başga-da, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi iň geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýadarlary çekmäge goldaw berer.
Goşmaça maglumat üçin telefon belgileri: 22-71-93, 22-74-07, 22-70-38.
Teswirler