Türkmen okuwçysynyň halkara üstünligi

Moskwanyň Halkara söwda merkezinde Bütindünýä jemgyýetçilik assambleýasynyň çäklerinde «Dünýäniň çagalary: dostlaşmagyň wagty» atly Bütindünýä döredijilik festiwalynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Türkmenabat şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Aziza Bäşimowa bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy.

2025-nji ýylyň mart-awgust aýlary aralygynda geçirilen festiwal 5 ýaşdan 15 ýaşa çenli çagalary we ýetginjekleri birleşdirdi. Bäsleşige dünýäniň 70 ýurdundan zehinli çagalaryň gatnaşmagy aýratyn täsir galdyrýar.

Festiwal çäklerinde çagalaryň döredijilik işleri – portretler, tebigat we maşgala temasyndaky suratlar dürli ugurlar boýunça baha berildi. Eminler toparyna belli suratkeş Irina Markowa-Şagal ýolbaşçylyk etdi. Çärä Russiýanyň Prezidentiniň çagalaryň hukuklary boýunça wekili Mariýa Lwowa-Belowanyň goldawy bilen giň gerimde guraldy.

Azizanyň gazanan üstünligi diňe bir şahsy ýeňiş däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrýan möhüm wakalaryň biridir. Bu ýeňiş, ýurdumyzda bellenilýän Bitaraplygyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen hem utgaşýar.

Festiwal dünýä çagalarynyň arasynda parahatçylyk, dostluk we düşünişmek ýörelgelerini ösdürmäge gönükdirilen halkara döredijilik meýdançasyna öwrüldi.

Çeşme: «Altyn asyr» elektron gazeti

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok