«OGT 2025»: Türkmen telekeçileri üçin halkara mümkinçilikler

2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda paýtagtymyzda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» («OGT 2025») atly XXX halkara maslahaty we sergisi türkmen telekeçileri üçin giň halkara hyzmatdaşlygyna gapy açar.

Bu forumda ilkinji gezek 30-dan gowrak ýurtlardan – Hytaýdan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan we beýleki ýurtlardan 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar. Olaryň köpüsi Türkmenistana ilkinji gezek gelýär we ýerli bazara girmäge gyzyklanma bildirýärler.

Guramaçylar türkmen telekeçilerini, kiçi we orta telekeçiligiň wekillerini hem-de hususy kompaniýalary «OGT 2025»-e işjeň gatnaşmaga we «Business Connect» meýdançasyna goşulmaga çagyrýarlar. Munuň üçin Android we iOS ulgamlarynda elýeterli bolan «Turkmen Energy Forum» («TEF App») atly mobil goşundyny ýükläp almak ýeterlikdir. Hut şu goşundynyň üsti bilen «B2B» duşuşyklar herekete geçer, bu bolsa halkara aragatnaşyklary ýola goýmak we foruma gatnaşygyny tassyklan 45 döwletiň 500-den gowrak wekili bilen işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin özboluşly mümkinçilikleri döreder.

«OGT 2025» halkara şertnamalara gol çekiljek we maýa goýum mümkinçilikleri bilen baý forum hökmünde çykyş eder. Gatnaşmak üçin hasaba alynmagyň iň soňky möhleti 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrydyr.

Has anyk maglumaty OGT-niň www.ogt-turkmenistan.com resmi web-sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok