«Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçiriler

2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda sagat 11:00-da, Aşgabat şäherindäki Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçiriler.

Bu çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda geçiriler.

Bu çärede Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanynda hereket edýän “Ýaş telekeçiler” merkeziniň utgaşdyryjysy Merdan Ataýew çykyş eder.

Habarlaşmak üçin:

E-poçta: gadam.merkezi@gmail.com

Telefon: +993 64 834432

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok