Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 15–19-njy sentýabry aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) 69-njy mejlisiniň işine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň wekili öz çykyşynda agentlik bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna ünsi çekip, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, suw serişdelerini dolandyrmak we saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan taslamalar bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi aýratyn nygtaldy.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Agentligiň Baş direktorynyň orunbasary jenap Liu Hua bilen duşuşdy. Gepleşiklerde ýadro lukmançylygyny ösdürmek, atom energiýasynyň parahatçylykly maksatlardaky ulanylyşy boýunça infrastrukturany döretmek, radioişjeň galyndylary dolandyrmak ýaly meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň häzirki we geljekki tehniki taslamalara gatnaşmagy hakynda pikir alşyldy.
Geçen hepde geçirilen we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen bilelikde gurnalan imPACT missiýasynyň netijelerine hem aýratyn baha berildi. Bu missiýa Türkmenistanyň onkologiýa (rak keselleri) boýunça milli strategiýasyny seljerip, öňegidişlikleri belläp geçdi we geljek üçin ileri tutulýan ugurlary görkezdi.
Şeýle hem, 2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýyl «Atoms for Water» diýen mowzuk astynda geçirilýän, Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş konferensiýasynyň çäklerinde gurnalan Ylmy foruma gatnaşdy. Forum suw serişdelerini dolandyrmak, arassa agyz suwuna elýeterliligi üpjün etmek we howanyň üýtgemegi şertlerinde durnukly suw üpjünçiligini üpjün etmek meselelerini çözmekde ýadro we izotop tehnologiýalarynyň ulanylmagyna bagyşlandy.
Teswirler