Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisine gatnaşyp, halkara hyzmatdaşlygyny we parahatçylygy berkitmek boýunça ileri tutulýan ugurlaryny hödürledi. Häzirki wagtda dünýäde durnuksyz ýagdaýlaryň, gapma-garşylyklaryň we ynanyşmazlygyň artmagy bilen BMG-niň diplomatik mümkinçiliklerinden we ýokary abraýyndan giňden peýdalanmagyň wajypdygy nygtaldy.
Türkmenistan dünýäde ähli görnüşli howpsuzlygyň — syýasy, harby, ykdysady, energetika, azyk we ekologiýa howpsuzlygynyň özara baglanyşyklydygyny kabul edip, olaryň hemmesiniň bitewiligini üpjün etmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Ýurdumyzyň daşary syýasaty hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýar we beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlygy, şeýle-de ähli gapma-garşylyklary diplomatik we parahatçylykly ýol bilen çözmegi maksat edinýär.
Türkmenistan häzirki wagtda BMG-niň birnäçe möhüm edaralarynyň agzasy bolup, şolaryň çäginde toplanylan tejribesini halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ulanmagy dowam etdirýär. Şolaryň hatarynda Ilat we ösüş boýunça komissiýa, Ylym we tehnika boýunça komissiýa, Durmuş ösüş komissiýasy, «BMG — Zenanlar» guramasy, ÝUNISEF, we Halkara söwda hukugy boýunça komissiýa bar. Türkmen tarapynyň bu mejlisde döwlet Baştutanymyzyň öňe süren sebit we ählumumy başlangyçlaryny mundan beýläk hem goldamak niýeti beýan edildi.
Giňişleýin maglumaty şu ýerden okap bilersiňiz.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
Teswirler