ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň ortalaryndan «grin-kart» lotereýasyna gatnaşmak üçin arza tabşyrýanlardan 1 dollar töleg aljakdygyny habar berdi. Mundan ozal gatnaşyjylar arza mugt tabşyrýardy.
Täze töleg dolandyryş çykdajylaryny — ulgamlary täzelemek, maglumatlary saklamak we howpsuzlyk barlaglaryny geçirmäge gönükdirilýär.
Hasaplamalara görä, bu çäre federal býujete ýylda 25 million dollar girdeji getirer. Şowsuz bolan halatynda töleg yzyna gaýtarylmaýar.
Öň gatnaşyjylar diňe ýeňiş gazananda resminamalary resmileşdirmek üçin 330 dollar töleýärdiler, indi bolsa her bir arza üçin 1 dollar öňünden talap edilýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, “AtaMekan” Terjime Merkezi “Green Card” lotereýasyna doly we takyk tabşyrmak işlerinde kömek berýär. Mundan başga-da, daşary ýurda dürli maksatlar bilen gitmek isleýän raýatlar üçin resminamalaryň takyk we tiz terjimelerini hem hödürleýär.
Telefon belgisi: +993 61 517100
E-poçta: atamekanterjime@gmail.com
Teswirler