Täze çap edilen “Kerwen ýoly” kitaby awtoryň döredijilik ýolunda möhüm ähmiýete eýedir. Kitapda dürli döwürlerdäki wakalar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş aýratynlyklary we ruhy gymmatlyklary edebi tilsimler arkaly beýan edilýär.
Awtoryň döredijilik baýlygy dürli ugurlary öz içine alýar. Ol “Ynanýarlar we garaşýarlar”, “Ene gahrymanlygyny wasp edip”, “Bir hatyň taryhy”, “Bozkölde bolan waka”, “Garlawaç”, “Ýolbarsyň söweş çagyryşy”, “Daglaryň eýesi” ýaly birnäçe hekaýalaryň awtorydyr.
Batyr Myradow 1965-nji ýylyň 6-njy iýunynda Aşgabat şäherinde doguldy. 1987-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus filologiýasy fakultetini tamamlady.
Ol ylym, pedagogika, terjimeçilik, žurnalistika we döredijilik işlerinde uly tejribe toplap, häzirki wagtda ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda hem işjeň çykyş edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň agzasydyr.
Batyr Myradowyň edebi we jemgyýetçilik işleri döwlet tarapyndan hem ýokary bahalandy. Ol birnäçe döwlet sylaglaryna mynasyp boldy. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 we 25 ýyllygyna, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý medallary, “Magtymguly Pyragy”, “Gaýat”, şeýle hem “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” diýen medallar bar. Şeýle-de ol Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň “Ynsanperwerligiň sarpasy” nyşany bilen sylaglanypdyr.
“Kerwen ýoly” diňe bir edebiýat söýüjiler üçin däl, eýsem ýurdumyzyň taryhy, medeniýeti we tebigaty bilen gyzyklanýan ähli okyjylara niýetlenen uly ruhy hazynadyr.
Bu gymmatly eseriň döredilmegine we guramaçylykly neşir edilmegine “Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti” hem-de “Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasy” ýardam berdiler.
Teswirler