Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmeniň belent ykbally geljegi bolup, ýaşaýyş derejesiniň şirin owazyna öwrülip, dünýäniň her künjegine ýaň salýar. Bagtyýar halkymyzyň ykbaly we ýüregi bolup gülleýän Garaşsyz Türkmenistanyň at-owazasy häzirki wagtda dünýäde giňden ýaýrady. Garaşsyz türkmen döwletiniň abraýy, milli medeniýeti we sungaty dünýäde ykrar edilýär, bu beýik şan-şöhraty jümle-jahanda belent tutýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mertebesi halkara derejesinde täze belentliklere çykýar.
Garaşsyzlyk taryhy, gahrymançylyga beslenen, gaýduwsyz we merdana türkmen halkynyň asyrlar boýy ýüreklerinde saklanýan arzuw-umytlarynyň we islegleriniň amala aşandygydyr. Bu, halkyň milli ruhunyň täzeden baýlaşmagydyr. Şu sebäpli, türkmen halkyny berkarar döwletlilige, asylly döwranyň gelmegine, özbaşdaklygyň ykbalyny çözmäge ýetiren Garaşsyzlygyň şanly senesi halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Şol senäniň Türkmenistan döwletiniň bagtyýar geljegine täzeden şugla saçmagy tebigy we kanunalaýyk bir ýagdaýdyr.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Sapar SAPAROW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
türkmen milli konserwatoriýasynyň
üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary
kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler