Döwletjan Ýagşymyradow Amerikaly Kori Anderson bilen tutluşar

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň MMA boýunça söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow, ABŞ-nyň wekili Kori Anderson bilen ýarym agram derejede PFL-iň çempiony derejesi üçin gaýtadan duşuşar. Tutluşyk Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirerler.

Bu söweş ýarym agram derejede agşamyň esasy wakalaryndan biri bolar. Belläp geçsek, 2021-nji ýylyň aprelinde türgenleriň birinji duşuşygynda Ýagşymyradow Amerikaly türgenden üçünji raund-da tehniki nokaut bilen ýeňilipdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, indiki boljak duşuşyk bolsa türkmen türgeni üçin ýönekeý bir tutluşyk bolman eýsem, garşydaşyndan üstün çykmak üçin uly mümkinçilik bolar. Şondan bäri erki we güýçli ruhy bilen tanalýan türkmen türgeni başarnygyny ep-esli ýokarlandyrdy. Hünärmenler we janköýerler bu söweşiň ýylyň iň täsirli we gyzykly söweşlerinden biri boljakdygyna garaşýarlar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok