21 – 23-nji awgustda Halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler

21 – 23-nji awgustda «KIDS EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Guraýjy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergi-ýarmarka çagyrýar.

Sergi-ýarmarkanyň iş wagty:

21-nji awgustda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
22-nji awgustda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
23-nji awgustda sagat 10:00-dan 17:00-a çenli.

Sergi-ýarmarka Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy. Telefon belgileri: 39-88-70, 39-88-84-(83)-(82).

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok