Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 5 — 8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty taryhy ähmiýete eýe boldy.
Bu maslahatyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna bagyşlanan ýokary derejedäki çäreler, ýagny, Günorta — Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy, raýat jemgyýetiniň forumy, ýaşlar forumy, parlament forumy, hususy pudagyň forumy, arabaglanyşyk çäresi, zenan ýolbaşçylaryň forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri we başga-da birnäçe medeni çäreler geçirildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda şöhratly menziller bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde halkara hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.
Bu halkara forumyň esasy maksady hem Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak, ulag we logistika ulgamlaryny, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de şol ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetine doly derejede goşulyşmagyna ýardam bermekden ybaratdyr. Şeýle hem maslahatda ulag geçelgeleri, serhetüsti söwda, energiýa üpjünçiligi, azyk howpsuzlygy, sanly ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyny artdyrmakda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Ýusup GURBANMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler