Çingiz Aýtmatowyň durmuşy barada film surata düşüriler

Gyrgyzystanyň Medeniýet ministrligi, türki dünýäsiniň ägirt uly şahsyýeti Çingiz Aýtmatowyň çagalygyndan halkara üstünliklerine çenli bolan durmuş ýoluny beýan edýän biografiki film taslamasynyň başlanandygyny mälim etdi. Ýaş režissýor Kanibek Kalmatowyň ýolbaşçylygynda düşüriljek bu film, 2026-njy ýylda tomaşaçylara ýetiriler.

Filmde Aýtmatowyň çagalygy, ýaşlyk ýyllary we ýazyjylyk ýoly, gyrgyz jemgyýetindäki akyl-paýhas roly we edebi mirasy, onuň millilik ugrundaky göreşi hem-de umumadamzat pikirleri hakyky wakalara esaslanyp ylham beriji durmuş wakalary arkaly beýan ediler.

2026-njy ýylda görkezilmegi meýilleşdirilýän film, Aýtmatowyň kynçylyklara garamazdan gazanan halkara üstünliklerini we türki dünýäsine goşan goşandyny ýaş nesillere ýetirmegi maksat edinýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, režissýor Kalmatow, taýýarlyk işleri dowam edýän film barada: “Bu, halkyň ýadynda galmaly film” – diýip belläp geçdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok