Şu gün ýagny 11-nji awgustda türkmen halkynyň meşhur şahyry, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewanyň 85 ýyllyk ýubileý toý-dabarasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda uly döredijilik buýsanjyna beslenip geçirildi.
Dabarada çykyş edenler Gözel Şagulyýewanyň ajaýyp şygryýetine we belent adamkärçiligine öz garaýyşlaryny beýan edip, oňa bolan halkyň söýgüsini äşgär etdiler. Dabaranyň barşynda ýurdumyzyň sungat ussatlary meşhur şahyryň goşgularyna aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýalary juda täsirli boldy.
Pursatdan peýdalanyp, Redaksiýamyzyň döredijilik topary uly şahsyýet, beýik söz ussady şahyr Gözel Şagulyýewany 85 ýyllyk ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýar we oňa berk jan saglygyny, uzak ömür, elmydama bagtly durmuşy arzuw edýär!
Teswirler