22-nji awgustda Hazar metbugat forumy geçiriler

22-nji awgustda Astrahanda «Hazaryň taryhy: geçmişden geljege» atly ýubileý X Hazar metbugat forumy geçiriler. Bu giň gerimli çäre Hazarýaka ýurtlaryň döwlet işgärlerini, bilermenlerini, žurnalistlerini we jemgyýetçilik işgärlerini bir ýere jemlär.

Forumyň çäklerinde Hazar deňziniň umumy media giňişligini berkitmäge we halklaryň arasynda özara düşünişmegi ösdürmäge kömek edýän pikirlerdir teklipler öňe sürler.

Bu çäre Astrahan sebitiniň hökümeti tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Dolandyryş edarasy we Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde guralýar.

Forumyň esasy çekişmeleri Astrahan opera we balet teatrynyň sahnasynda bolar. Şeýle hem forumyň çäginde «Serhetsiz Hazar» atly žurnalistika bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanylar.

Foruma gatnaşmak üçin hasaba alyş çäräniň resmi web sahypasynda 17-nji awgusta çenli dowam edýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok