11-nji awgustdan Türkmenbaşa yzygiderli gatnawlar ýola goýlar!

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 11-nji awgustdan başlap Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny täzeden ýola goýar.

Häzirki wagtda Aşgabatdan we welaýatlardan uçýan awiakompaniýanyň uçarlary Balkanabadyň Halkara howa menziline gonýar.

Täze tertibe laýyklykda, Aşgabat bilen Türkmenbaşy şäheriniň arasynda her gün yzygiderli howa gatnawlary amala aşyrylar. T5-241 we T5-247 belgili gatnawlar Aşgabatdan degişlilikde, sagat 06:20 we 18:20-de ugrap, ýol wagty bir sagat bolar.

Mundan başga-da, 11-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli goşmaça uçar gatnawlary giriziler: T5-245 (her gün sagat 10:40-da), T5-249 (duşenbe, sişenbe, çarşenbe, anna, şenbe we ýekşenbe günleri sagat 22:05-de), T5-243 (penşenbe günleri sagat 22:40-da).

Türkmenbaşy – Aşgabat ugry boýunça yzyna uçuşlar hem şuňa meňzeş tertipde amala aşyrylar. T5-242 we T5-248 belgili gündelik gatnawlar sagat 08:30-da we 20:30-da meýilleşdirilen, goşmaça tomusky uçarlar bolsa: T5-246 (sagat 12:40-da), T5-250 we T5-244 – hepdäniň günlerine baglylykda, ýarygijeden soň ýerine ýetiriler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok